mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

16.05.2024

total-veiw

894

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY O.A.ÇARYÝEW hakynda

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) wezipesine bellemeli.

10.05.2024

total-veiw

2106

Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

10.05.2024

total-veiw

1997

Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak, şeýle hem biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

08.05.2024

total-veiw

2517

Aşgabat şäheriniň häkimligine paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda çagalar bagyny gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

07.05.2024

total-veiw

2752

Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze 10 sany 9 gatly jaýlar gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyz üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli, 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


06.05.2024

total-veiw

3519

G.S.Mämmedowa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Gülşat Sahyýewna Mämmedowany Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.

06.05.2024

total-veiw

3562

Ş.Durdylyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Şamuhammet Durdylyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

03.05.2024

total-veiw

2699

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

30.04.2024

total-veiw

2796

«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.


24.04.2024

total-veiw

3038

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

...451